Тема - Eý, ömrüm
Тема - Eý, ömrüm

Eý, ömrüm

Bu dünýäniň agy bilen garasyn
Sessiz-üýnsüz kabul edip bararsyň.
Güýjüň ýok şer bilen dalaş gurmaga,
Eý, ömrüm, sen şindi näme görersiň?

Ýerdir gögüň arasynda sergezdan
Bolup çyrpynýarsyň, edýärsiň pygan.
Tüweleý göteren peşmek mysaly
Sowrulyp gidermiň öwsende zaman?

Oturmyşam bir dumanly kenarda,
Köňlüme söz gatyp dileýän ýardam.
Deňizdäki tolkunlara ýar bolup,
Ömrüm gohly geçip gidermiň ýa-da?

Tozan turzup ýüwürýärin yzyňdan,
Ejizligi daşa kow sen özüňden!
Sygyn maňa,
Ömrüm, maňa sygyn sen,
Seni ýele sowurmaryn azyndan.


Подраздел: Goşgular
Раздел: Bloglar

Файлы темы
Последний раз тему редактировал Gamgyn_Yurek - 21 Авг 2025, 01:25
Последняя активность в теме: 21 Авг 2025, 01:25
Комментарии 0
Пока нет комментариев
Извините, для вас комментирование недоступно
Назад

Войти Присоединиться Пароль