Авторизация
Разделы сайта
Загрузки
Новости
Блоги
Гостевая
Музыка
Фото
Видео
Сообщества
Пользователи Форум
Лотереи
Онлайн игры
Чат
Донаты
Фотобаттлы

Sonky yaprak🍂
Gyz sowuk howada hassalandy. Lukmanlar oňa ýaşamak üçin az wagtynyň galandygyny aýtdylar. Ol penjireden seredip, diwaryň boýundaky üzümiñ galan ýapraklaryna seredip başlady. Her günüň geçmegi bilen ýapraklar azalýardy. Ol gyz her ýaprak gaçanda, ömrüniň hem bir gün gysgalýandygyny oýlaýardy. Haçanda iñ soñky ỳaprak gaçanda özüniñ hem dünýäden ötjegine ynanýardy. Ahyry bir gün diwarda ýekeje ýapragyñ galanyny gördi we ertir ol hem gaçar diýip pikir etdi. Goňşusy bolan garry suratkeş oňa kömek etmek isleýärdi. Ol howanyň gaty sowuk bolan şol gijede diwaryň boýuna bir ýaprak çekdi. Gyz irden oýanyp, ýapragyň henizem bardygyny gördi. Ol ýapragyň henizem bardygyny görüp, ýaşamak üçin höwesi artdy. Günler geçdi, emma ýaprak henizem bardy. Gyzyň ýagdaýy gowulaşdy we ol sagaldy. Ol sagalyp diwara baryp şol ýapragy ýakyndan görmekçi bolanda onuñ çekilen suratdygyna düşündi. Ol suratkeşe minnetdarlyk bildirmek üçin öýüne bardy, emma ol ölüpdi. Ol soñky güýjüni ulanyp gyzy halas edipdir eken.
Подраздел: Edebiýat
Раздел: Bloglar
Файлы темы
Последний раз тему редактировал Biri - 15 Авг 2025, 19:29
Последняя активность в теме: 15 Авг 2025, 19:51
Последняя активность в теме: 15 Авг 2025, 19:51
Комментарии 7
Извините, для вас комментирование недоступно
Назад